Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik bilen baglylykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri 20-nji oktýabrda geçirilen Mejlisde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Widh Pithambaran Nair bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ýokary derejede ýola goýlan hyzmatdaşlyk şol gatnaşyklaryň berkidilmegine hyzmat edýär. Hususan-da, öňde agzalyp geçilen telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň Baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen, şol sanda ýurdumyzyň senagatlaşdyrma tarap alan ugruny nazara almak bilen ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.