milli goshun logo
Türkmenistan energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär
Türkmenistan energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär
27.02.2020 709 Habarlar

BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly halkara çäresi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan iri we ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Forum döwletimiziň dünýä giňişliginde alyp barýan ykdysady diplomatiýasynyň ýörelgelerini hem-de ählumumy energetika howpsuzlygy ýaly örän möhüm ulgamda köptaraply deňhukukly gatnaşyklara taýýardygyny özünde jemledi.

Milli Liderimiz gün tertibine häzirki döwürde düýbünden täze usullary işläp taýýarlamak wezipesiniň durýandygyny öňe sürýär. Bu usullar ählumumy energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerini nazara almak esasynda dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmelidir. Energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylar tebigy serişdelere we ekologiýa jogapkärli hem-de aýawly garamalydyr. Energiýanyň çeşmeleri bolan serişdeleriň adalatly paýlanylmagyna we sarp edilmegine gönükdirilen giň jemgyýetçilik talaplaryny hasaba almalydyr.

Bular barada dünýäniň 42 ýurdundan öňdebaryjy kompaniýalaryň 113-sinden ýokary wezipeli wekilleriň üç ýüzden gowragyny bir ýere jemlän Dubaýdaky uly çärede gürrüň edildi. Bilermenleriň ara alyp maslahatlaşmagyna çykarylan esasy meseleleriň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy hem-de ýurdumyzdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaýa hem-de degişli kanunçylyk binýada esaslanan türkmen uglewodorod ulgamynyň maýa goýum mümkinçiligi baradaky meseleler boldy.