Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly
35 ýyllyk baýramyny, hemişelik Bitaraplygymyzy, şöhratly taryhymyzy, milli
gymmatlyklarymyzy kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän zehinli döredijilik
işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçip almak hem-de
höweslendirmek, türkmen edebiýatyny iri göwrümli eserler bilen baýlaşdyrmak,
milli sungatymyzy has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti
edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de
zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»
atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça
kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň
arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana,
bagşy!» bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri»
bäsleşigi yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Edebiýat we sungat»
gazetinde dolulygyna çap ediler.