Şu gün Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik
utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.
Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat
gaznasynyň alyp barýan işinde çagalaryň saglygy, ösüşi, bilimi, durmuş
üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn orun eýeleýändigini aýdyp,
BMG-niň hut şu meseleler boýunça işleýän ýöriteleşdirilen edaralarynyň
bardygyny kanagatlanma bilen nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler
şu ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi
meýilleşdirilýän «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň
bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata taýýarlyk
görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
D.Şlapaçenko Awazada guraljak
halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna
ünsi çekdi.
Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň
Türkmenistanyň gender deňligini, şol sanda zenanlaryň ýokary hilli lukmançylyk
hyzmatlaryna, bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça edýän tagallalaryna
ýokary baha berýändigini we goldaýandygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan
Atabaýewa hem-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý
Şlapaçenko şu duşuşygyň çagalaryň we zenanlaryň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.