Düýn – 27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi.
Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen BMG-niň Ýol howpsuzlygy boýunça edarasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todt birek-birege berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw etdiler.