21-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň üçünji mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky topar gatnaşdy.
Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge, maýa goýum ýagdaýyny kämilleşdirmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.
Taraplar medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.