Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda
Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli dabara we bu waka
bagyşlanyp, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti
geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Medeniýet
ministrligi we Awstriýa-türkmen jemgyýeti bilen bilelikde guralan çäräniň
Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýändigi bellärliklidir. Munuň
özi özygtyýarly Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeleri
durmuşa geçirmek babatda onuň ähmiýetiniň uludygyny aňladýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi
ýaly, dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, netijeli
halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine
esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr.
Ýatlanylyp geçilen baýramçylyk senesi noýabr aýynda Wenanyň
Diplomatik akademiýasynda bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Awstriýa
Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan dabara ýerli döwlet
edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, işewürler
toparlarynyň wekilleri, şeýle hem ýokarda agzalyp geçilen akademiýanyň
professor-mugallymlar düzümi, Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan
türkmen talyplary, metbugat we elektron neşirleriň birnäçesiniň žurnalistleri
gatnaşdylar.
Aşgabatdaky waka hem uly gyzyklanma döretdi. Teatra giň
jemgyýetçiligiň, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň
we halkara guramalaryň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, şu günler
Aşgabatda geçirilýän “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi”
atly halkara maslahata gatnaşyjylar ýygnandylar.
Şu günki çärä 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek
ýolunyň ýüregi” diýen şygar bilen baglylykda meýilleşdirilen medeni çäreleriň
maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde garalýar. Beýik Ýüpek ýoluny düýpli
öwrenmekde we onuň mirasyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler Garaşsyz,
hemişelik Bitarap döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik
ýörelgeleriniň dünýäde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär
diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
Agşamyň dabaraly böleginiň dowamynda hormatly Prezidentimiz
tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan we dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna
hem-de goldawyna mynasyp bolan açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň
ynsanperwer ugrunyň ähmiýeti bellenildi. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen
hyzmatdaşlyk etmek, türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak şu
syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.
Wenada iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, halklarymyzyň
arasyndaky özara ynanyşmak ýagdaýyny we dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýän
jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň özi hem Garaşsyz Türkmenistanyň tutuş
dünýäniň ösüşindäki ornunyň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger
ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol bu gurama tarapyndan medeniýet
ulgamynda, maglumatlary alyşmakda we hyzmatdaşlyk babatda 10 ýylyň dowamynda
durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini nygtady.
Aşgabatda Wena ballarynyň üçüsi üstünlikli geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu aýdyň we köp öwüşginli
çäreleriň hem hormatly myhmany boldy. Bilelikdäki çäreleriň hatarynda
Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Medeniýet günlerini, Wena şäheriniň
Aşgabatdaky Medeniýet günlerini, türkmen we awstriýa sungat ussatlarynyň
çykyşlaryny görkezmek bolar. Jemgyýetiň agzalary ýurdumyzda geçirilýän halkara
maslahatlaryna, işewürler forumlaryna we festiwallaryna ençeme gezek
gatnaşdylar.
2011-nji ýylda Awstriýa-türkmen jemgyýeti özüniň
internet-serişdesini açdy, ol iňlis, nemes we rus dillerinde ýewropalylary
Türkmenistanyň gadymy taryhy hem-de özboluşly baý medeniýeti, onuň häzirki
güni, ykdysady we syýahatçylyk kuwwaty, sportda gazanýan üstünlikleri bilen
tanyşdyrýar. Jemgyýetiň Wenada neşir edýän “Galkynyş” žurnalynyň hem wezipeleri
şundan ybaratdyr.
2013-nji ýylyň 12-nji iýunynda Awstriýa-türkmen jemgyýeti
Awstriýada halkara derejesine eýe boldy, “Ähli Awstriýa — Halkara Pan
—Jemgyýetleriniň baş assosiasiýasynyň” doly hukukly agzalygyna kabul edildi.
Tutuş dünýäniň halkara jemgyýetleriniň 100-den gowragy onuň agzasy bolup
durýar. Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti assosiasiýanyň Hormatly Prezidenti
bolup durýar.
Agşamyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, “Galkynyş”
türkmen-awstriýa simfoniki orkestriň çykyşy boldy. Toparyň çeper ýolbaşçysy,
awstriýaly dirižýor professor Wolfgang Harrer we onuň ýaş kärdeşi –
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory şu konserte
dirižýorlyk etdiler.
Konserte gatnaşmak üçin Awstriýanyň ýaş sazandalary —
döredijilik bäsleşikleriniň köpüsiniň ýeňijileri, Wenanyň esasy orkestrleri
bilen ençeme gezek çykyş eden skripkaçy Mari Izabel Kropfiç we pianinoçy
Florian Feýlmaýr Aşgabada geldiler. Şu gün olar türkmen sazandalarynyň toparyna
sazlaşykly goşuldylar. Orkestr ýene-de sungatyň beýik güýjüniň bardygyny
aýdyňlyk bilen görkezdi. Sungat özüniň ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen
adamlary birleşdirýär.
Konsert “Galkynyş” pýesasy bilen açyldy. Dünýäniň hem-de
milli nusgawy saz sungatynyň eserleri — Lýudwig wan Bethoweniň, Kamil Sen —
Sansyň, Sezar Frankyň, Nury Halmämmedowyň giňden meşhur bolan simfoniki
eserleri baýramçylyk agşamynyň maksatnamasyny düzdi.
Tomaşaçylar döredijilik agşamynyň ahyrynda ýaňlanan Iogann
Ştrausyň “Mawy Dunaý” walsynyň täsin owazyny lezzet alyp diňlediler. Bu wals
dünýäniň sazlaşygynyň we ajaýyplygynyň senasy hökmünde ýaňlandy.
Ajaýyp türkmen-awstriýa dostluk baýramçylygynyň ahyrynda
aýdymçylar, Türkmenistanyň Döwlet hory hem-de “Galkynyş” orkestri tarapyndan
ýerine ýetirilen “Arkadag” diýen aýdymy türkmen-awstriýa dostlugynyň
baýramçylygynyň jemlemesine öwrüldi. Onda eziz Watanymyzyň ruhy kuwwaty, milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işleri wasp edilýär. Häzirki Türkmenistanyň
gazanýan ähli üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri döwlet Baştutanymyzyň ady
bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Ertir Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň 10 ýyllygyna bagyşlanan
baýramçylyk çäresiniň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde
Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde nemes we rus
dillerinde neşir edilen “Galkynyş” žurnalynyň dördünji sanynyň tanyşdyryş
çäresi bolar. Žurnalyň täze sany Türkmenistanyň “Türkmenistan — Beýik ýüpek
ýolunyň ýüregi” diýen şygaryna bagyşlandy.
Neşiriň nobatdaky sanynda ýylyň şanly wakalary barada
makalalar we suratlar çap edildi. Žurnalda sahabynyň aşagynda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji
maslahatyndaky çykyşy, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylyşy, TOPH gaz
geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlişi, milli Liderimiziň
başlangyjy boýunça Halkara welosiped gününiň döredilişi, “Amul — Hazar 2018”
halkara rallisi, Wenada “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly maýa
goýum – hyzmatdaşlyk forumynyň geçirilişi baradaky habarlar we beýlekiler
ýerleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge mynasyp bolan ajaýyp desgalary we gazanan üstünlikleri baradaky makala hem okyjylarda gyzyklanma döredýär.