milli goshun logo
Türkmeniň milli dutarçylyk senedi ÝUNESKO giriziler
Türkmeniň milli dutarçylyk senedi ÝUNESKO giriziler
04.11.2020 1378 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça 2-nji noýabrda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň birinji mejlisinde 2021 – 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň hem-de adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Ýörite sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän täze teklipleriniň taslamasyna garaldy.

Şol däp-dessurlaryň hatarynda asyrlaryň dowamynda toplanan baý tejribe bolan üç sany täsin milli mekdep bar. Olar ahalteke atşynaslygy, alabaý tohum itleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi hem-de türkmen medeniýetiniň naýbaşy nusgasy hökmünde dutar bilen baglanyşyklydyr. Dutar diýlende bu saz guralyny taýýarlamak sungaty, ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungaty jemlenýär.

Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasyny 2021-nji ýylyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi. Şol döwürde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiň mejlisi geçiriler.