16-nji martda Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ermeni dilindäki
neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Dabara paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň
rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly Ermenistan
Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant
goşan türkmenleriň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we wagyz etmek
boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýratyn durlup geçildi.
Bellenilişi ýaly, bu filosofik-edebi eser many-mazmuny boýunça türkmen halkynyň
köpasyrlyk pähim-parasadynyň we belent ruhy gymmatlyklarynyň jemlenmesidir.