23-nji dekabrda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň fransuz dilinde neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
Çärä gazetleriň hem-de žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, ylmy işgärler gatnaşdylar.
Şeýle hem sanly aragatnaşyk arkaly geçirilen çärä Fransiýanyň milli ylmy-barlag merkeziniň ylmy işgäri, türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň ýolbaşçysy, arheolog H.Bendezu-Sarmiýento hem-de «Fransiýa-Türkmenistan» dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy K.Burdeý gatnaşdylar.