Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
tarapyndan bejeriş edaralaryny we ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli lukmançylyk
serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Türkmenbaşy şäherinde täze açylan dermanhana bu ugra degişli düzümleriň üstüni
ýetirdi. Ol şäheriň Kenar etrabynda «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasy
tarapyndan açyldy.
Etrabyň
Magtymguly köçesiniň ugrunda gurlan dermanhananyň umumy eýeleýän meýdany 366
inedördül metrden gowrak bolup, ilata derman serişdeleri bilen baglanyşykly
hyzmatlary ýola goýýan ugurdaş desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk
gelýär.
Dermanhananyň
giň zalynda derman serişdeleriniň, lukmançylyk önümleriniň, anyklaýyş
gurallarynyň we Türkmenistanda hem-de Ýewropa ýurtlarynda öndürilen beýleki
enjamlaryň söwdasyny guraýan bölümler ýerleşdirildi. Mundan başga-da, taslama
laýyklykda, müşderilere, şol sanda hassahanalaryň lukmanlaryna we tiz
lukmançylyk kömegi toparlaryna hyzmat edýän otaglar göz öňünde tutuldy. Şeýle
hem bu ýerde arassalaýyş bölümi, ammar we beýleki desgalar bar.
Arakesmesiz we
dynç günsüz işleýän dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli
hünärmenlerden ybaratdyr. Munuň özi alyjylara diňe zerur serişdeleri däl,
eýsem, gyssagly hem-de ýokary derejeli maslahatlary almaga hem mümkinçilik berýär.
Bu ýerde şeýle hem sorag-jogap gullugyny döretmek meýilleşdirilýär.