19-njy awgustda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministri W.Popesku bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
Taraplar energetika, ulag, oba hojalygy, ýeňil senagat, bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem seredip geçdiler.
Ministrler şonuň ýaly-da Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň ähmiýetini nygtamak bilen, Toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.