Düýn – 1-nji iýunda paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu möhüm wakanyň Çagalary goramagyň halkara güni bilen gabat gelmegi ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Dabarada çykyş edenler häzirki döwürde berkarar Watanymyzda ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň ösmegi üçin hemme şertleriň döredilýändigini, şol sanda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem döwrebap Medeniýet merkezleriniň, konsert meýdançalarynyň, sungat mekdepleriniň bina edilip, şolarda çagalaryň başlangyç, ýöriteleşdirilen bilim hem-de döredijilik bilen meşgullanmaga mümkinçilik alýandyklaryny bellediler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy bagtly çagalygyň, bilimleriň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrdy.