milli goshun logo
Türkmen paýtagtyndan Dunaýyň kenarlaryna çenli wideoköpri
Türkmen paýtagtyndan Dunaýyň kenarlaryna çenli wideoköpri
05.12.2020 565 Habarlar

4-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda türkmen paýtagtyny Awstriýanyň paýtagty Wena şäheri bilen birleşdirýän wideoköpri geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda ynsanperwer ugruň ähmiýetini açyp görkezmäge ýardam berer.

Şu ýyl Awstriýa Respublikasynyň hem Bitaraplygynyň 65 ýyllygyny belleýändigini nygtamak gerek.

Sanly gurşawyň, internetiň okgunly ösmegi bu hereketi dowam etdirmäge hem-de sazyň oňyn täsirini ençeme esse artdyrmaga mümkinçilik berýär, muny Garagumuň alkymyndaky Köpetdagyň depelerini Alp daglarynyň etegindäki Dunaýyň kenarlary bilen birleşdiren şu gezekki duşuşyk hem görkezdi.

Wideoköprä gatnaşyjylar sazly gutlaglary alşyp, birek-birege täze döredijilik açyşlary we üstünlikleri, gyzykly medeni taslamalary amala aşyrmagy hem-de diňe bir onlaýn görnüşinde däl-de, medeni hyzmatdaşlygyň dürli çärelerinde täze duşuşyklary arzuw etdiler.