12-nji awgustda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi bilen wideomaslahat aragatnaşygy görnüşinde gepleşikler geçirdi.
Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary, şol sanda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Iki ýurduň wekiliýetleriniň dürli meýdançalarda geçiren duşuşuklarynyň netijeliligini hem-de derwaýyslygyny aýratyn nygtamak bilen, taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Hususan-da, söhbetdeşler goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna köpugurly integrirlenmegine gönükdirilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekdiler.