27-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şakir Kargar bilen duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine, goňşy ýurtlar, hususan-da, Owganystan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasatyna esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejesi nygtaldy.
Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň işjeň gatnaşmagynda geosyýasy hem-de geoykdysady ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça sazlaşykly işi dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy hem-de hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylyk tassyklanyldy.