Düýn – 1-nji noýabrda «Senagat»
paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31
ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr»
atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar maliýe ulgamynyň
işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, türkmen manadynyň
töleg serişdesi hökmünde işjeň dolanyşygyny üpjün etmegiň, iri dünýä
banklarynyň tejribesini özleşdirmegiň, maliýe ulgamynda halkara dolandyryş
usullaryny ornaşdyrmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa
gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme
kabul etdiler.