1-nji noýabrda Türkmen
döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň – manadyň
dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, ylmy-amaly maslahat
geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar
akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň
mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibine
täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny ösdürmek bilen bagly möhüm meseleler
girizildi.