Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary hem-lde wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
1993-nji ýylyň 1-nji noýabry-milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi Türkmenistanyň ýylýazgysyna döredijilikli özgertmeler eýýamynda Watanymyzyň täze ykbalyna taryhy gün hökmünde girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.