Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman
Ylyjak bilen duşuşdy.
Işewür
ata Watany Türkmenistanda möhüm ähmiýeti bolan şanly baýramyň bellenilýän
günlerinde duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip,
Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi hem-de doganlyk türkmen
halkyny Garaşsyzlyk toýy bilen gutlady. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp,
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny
ýetirdi.
Gahryman
Arkadagymyz myhmany mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belläp,
onuň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine
gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we
hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň
Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Rönesans Holding» kompaniýasy bilen köpýyllyk
hyzmatdaşlygynyň Türkiýäniň işewür düzümleri bilen özara gatnaşyklarynyň möhüm
bölegi bolup durýandygy bellenildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen
Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysady hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta binýady emele getirýär.
Duşuşygyň
ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň
müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan
etdiler.