Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk
çäreleriniň guramaçylyk derejesi, aýratyn-da, behişdi bedewlerimiziň şanyna
guralýan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Munuň özi «Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy
ähmiýetli wakalarynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi bilen
baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň
güwäsine öwrüldi.
Mälim
bolşy ýaly, uly dabaralara beslenýän ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda türkmen
halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleri bilen
baglanyşykly çärelere möhüm orun degişlidir. Şunda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
35 ýyllygy mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleriniň milli atşynaslyk ýörelgeleri
we türkmen halkynyň dünýä nusgalyk däp-dessurlary bilen utgaşýandygyny bellemek
ýakymlydyr.
Baýramçylygyň
öňüsyrasynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap
saklamaga, baş sanyny artdyrmaga hem-de halkara giňişlikde olaryň şan-şöhratyny
has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň
döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi döwletimiziň bu
ugurdaky kanunçylyk binýadynyň üstüni ýetirdi.
...Gahryman
Arkadagymyz, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky
mejlisiniň we milli atşynaslyk hem-de seýisçilik sungaty boýunça pikir
alyşmalaryň geçiriljek ýerlerinde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Milli
Liderimiziň belleýşi ýaly, halkara çäreleriň guramaçylyk meseleleri boýunça hiç
bir zat ünsden düşürilmeli däldir. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen
çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginde ähmiýeti bolan mümkinçilikleriň ýokary
derejesi üpjün edilmelidir.
Ahalteke
atlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galýandygyny nazara alyp,
Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary halkara görkezijilere we
häzirki zaman talaplaryna laýyk derejedäki guramaçylyk işlerine möhüm ähmiýet
berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylaryň maglumatlaryny
diňledi.
Bellenilişi
ýaly, ahalteke bedewlerine bagyşlanan çäreler we halkara forumlar ýylyň ahyryna
çenli dowam eder. Munuň özi geçirilýän çärelerde şu ýylyň şygarynyň öz beýanyny
tapmagy ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Bu ýerde degişli
ýolbaşçylar gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler, şanly
Garaşsyzlygymyz mynasybetli meýilleşdirilen toý-baýramlaryň uludan
dabaralandyrylmagy barada giňişleýin maglumat berdiler.
Öňde
boljak baýramçylyk çäreleri we meýilleşdirilen maslahatlaryň medeni
maksatnamasy hem-de halkara forumlaryň gün tertibine giriziljek meseleler
häzirki döwürde halkara giňişlikde ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanmalar
nazara alnyp taýýarlanyldy. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän
toý-baýramlaryň çäklerinde guralýan halkara we milli çäreleriň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün eder.
Şeýle
hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti
B.Rejepow öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri, assosiasiýanyň 16-njy
mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler barada giňişleýin maglumаt berdi.
Gahryman
Arkadagymyz şu ýylyň dowamynda ahalteke atlary bilen baglanyşykly halkara we
milli çäreleriň birnäçesiniň geçirilendigini belledi. Olar ahalteke
bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galmagyny üpjün etdi. Şunuň
bilen baglylykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň sanynyň
yzygiderli artýandygyny bellemek gerek. Niderlandlar Patyşalygynda atly sport
boýunça ýaryşlaryň, ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşiginiň
geçirilmegi türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň
abraýyny has-da belende göterdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň dowamynda, aýratyn-da,
baýramçylyk günlerinde meýilleşdirilen toý-baýramlaryň, at çapyşyklarynyň we
çäreleriň ýokary derejede guralmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bedew atlarymyz bilen baglanyşykly çäreler
türkmen halkynyň milli toý dessurlary bilen utgaşdyrylar.
Şeýle
hem wise-premýer Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy bilen Gahryman
Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlap, atçylyk
pudagyny ösdürmekde döredilýän şertler üçin özüniň hoşallygyny bildirdi.
Milli
Liderimiz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralarda
halkymyzyň behişdi bedewlerimize bolan mizemez söýgüsiniň duýulmalydygyny
belledi. Tutulýan toýlar ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten
derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň aýdyň güwäsine öwrülmelidir.
Taryhy
asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän ahalteke bedewleri türkmen halkynyň dünýä
atşynaslygyna goşan ägirt uly goşandydyr. Ynsan gylykly bedewler asyrlaryň
dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşyna, hemrasyna öwrülipdir. Ahalteke bedewleri
türkmen halkynyň milli dünýägaraýşynyň we seýisçilik sungatynyň dünýä nusgalyk
ýörelgelerini özünde jemleýär. Şeýlelikde, türkmen atlary dünýä giňişliginde
aýratyn orna mynasypdyr.
Gahryman
Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň toý-baýramlarynyň baş
bezegine öwrülendigini belläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowamynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň behişdi
bedewlerimiziň şöhratyny has-da belende göterendigini aýtdy. Munuň özi ahalteke
atlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygyna öwrülendiginiň aýdyň güwäsidir.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan giňden wagyz
edilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Mälim bolşy ýaly,
Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik»
atly telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan etdi. Munuň özi
Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň teleýaýlymlarynyň işgärleriniň ahalteke
bedewlerine bagyşlanan wideofilmleri döretmeklerine giň ýol açdy. Şunuň bilen
baglylykda, ähli meýilleşdirilen çäreleriň, telewizion filmleriň döwletara
bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda degişli
düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz
bu işlere degişli ýolbaşçylaryň örän jogapkärçilikli we oýlanyşykly
çemeleşmelidigini belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda, atçylyk
pudagynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi
dünýäniň ösen tejribesiniň we bu ugur boýunça häzirki zaman ylmynyň
gazananlarynyň netijeli özleşdirilmeginde ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyz ähli kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.