Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bolup, behişdi bedewler
üçin döredilen mümkinçilikler we olary ösdürip ýetişdirmegiň ugurlary boýunça
alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Säheriň tämiz
çagynda dag eteginiň gözelligi Aşgabadyň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen bir
bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Magtymguly
Pyragynyň gözel künjekde oturdylan heýkeli şäher gözelligine görk goşup,
halkymyzy bagtyýar durmuşyň berkarar bolmagy ugrunda ýaýbaňlandyrylan beýik
işlere çagyrýan mysaly, alyslardan seleňläp görünýär.
Gahryman
Arkadagymyz ýol bilen gidip barşyna, ady rowaýata öwrülen we Türkmenistanyň
tugrasynda orun alan Ýanardagyň hormatyna gurlan binanyň ýanyna geldi.
Bu
ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow bu
ýoluň gurluş aýratynlyklary, onuň her bir tapgyrynyň gurluşygynyň halkara
görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilendigi, aýlawly ýoluň ýanaşyk
ýerleriniň abadanlaşdyrylyş derejesi barada giňişleýin maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýol ýokary görkezijilere doly laýyk gelip, onuň gurluşygynda
daş düşemek, tekizlemek, ýoluň gatlaryny dykyzlandyrmak işleri häzirki zamanyň
ösen tejribesine laýyklykda ýerine ýetirildi. Ýoluň gurluşygynda ýörite serişdeler
ulanylyp, onuň hiliniň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelmegi üpjün edildi.
Aýratyn-da, bu ýola üç gatlakdan ybarat bolan ýokary hilli asfalt düşekleri
degişli kada laýyklykda düşeldi.
Soňra
Milli Liderimiz «Ýanardag» binasynyň daşyndan aýlaw etdi.
Täze ýoluň yşyklandyryş ulgamy häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda,
täzeçil tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylypdyr. Ýol gurluşygynda öňdebaryjy
tejribeleriň ulanylmagyna, onuň gönüligine we tekizligine aýratyn ähmiýet
berlipdir. Ýol ýakalarynda ekilen baglar bu künjegiň ekologik derejesiniň
has-da gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýol belgileri, ýoluň ýakasynda
oturdylýan granit daşlary, ýanýodalar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk
gelýär. Şeýle-de sil akabalarynyň üstünden gurulýan köprüleriň berkligine, uzak
möhletleýinligine, gurluşyk serişdeleriniň hiline möhüm ähmiýet berildi. Şunda
sil suwlaryny bir ýere jemlemek we olary gaýtadan ulanmak meseleleri ylmy
esasda öwrenildi.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni
taryhy ähmiýetli wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Dünýäde abraýy
belende göterilýän ahalteke bedewleriniň keşbinde pederlerimiziň yhlasy, olaryň
geçen şöhratly ýoly, nesillere miras goýan asylly ýörelgeleri, häzirki döwrüň
belent ösüşleri öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly,
türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün Ýer ýüzüni haýran galdyrýar. Dünýä atçylyk
medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň
genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen we
Döwlet tugrasynda orun alan Ýanardag türkmen atlarynyň dünýädäki abraýynyň
belende galmagyna mynasyp goşant goşdy.
Gahryman
Arkadagymyz, ýol gurluşygynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da,
bedewleriň ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerinde ajaýyp atlaryň heýkelleriniň
oturdylmagynyň halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň behişdi bedewlerimize bolan
buýsanjyny artdyrýandygyny belläp, bu babatdaky işleriň ýokary derejede amala
aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Ýurdumyzda
bedewleri ösdürip ýetişdirmek işinde dünýäniň ösen tejribesi we türkmen
atşynaslarynyň milli ýörelgeleri utgaşdyrylýar.
Soňra
ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiz atyň taýçanaklykdan
belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan «Atly aýlaw» halkalaýyn
ýolunyň deňine geldi. Doly döwrebaplaşdyrylan ýoluň ugrunda türkmen halkynyň
buýsanjyna öwrülen atlaryň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi ynsan gylykly
bedewleriň adamlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülendigini görkezýär.
Aýlawly
ýoluň abadançylygy, ýol ýakalarynyň döwrebaplaşdyrylyşy, bu künjegiň
yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary barada Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow maglumat berdi.
Gahryman
Arkadagymyz ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýokary
hil derejesinde ýerine ýetirilmegi, olaryň bu künjegiň gözelligine gözellik
goşmak bilen bir hatarda, ynsan ruhuny belende götermekde ähmiýetlidigini
belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Bu ýerde
oturdylýan bedewiň ak reňkde bolmagy türkmen halkynyň «Ak zat alnyňa ýagşy»
diýen paýhasly jümlesine laýyk gelýär. Bedewiň ýüzüniň ileri tarapa seretmegi
bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ilerleýändigini alamatlandyrýar.
Bu
günki gün türkmen bedewleriniň şan-şöhraty barha belende galýar. Häzirki
döwürde dünýä atşynaslary, ippologlar, alymlar ahalteke bedewleriniň ylmy
esasda öwrenilmegine, olaryň taryhyna we reňk aýratynlyklaryna uly gyzyklanma
bildirýärler. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň
halkara giňişlikde nusgalyk häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.
Soňra
Halk Maslahatynyň Başlygy ýoluny dowam edip, düýpli döwrebaplaşdyrylan, täzeden
gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.
Toplumyň
çäginde oturdylan şekilleriň özboluşly görnüşini özünde jemleýän Ýer togalagy
we onuň üstünde ýerleşdirilen taýçanak onuň esasy aýratynlygydyr. Bu ýerde Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew
heýkeliň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Bedewleriň
tebigat bilen sazlaşygyny görkezýän şekilde sebitde ilkinji gezek Ýer
togalagynyň kebelek şekillerinden ybarat binýadynyň bolmagynda çuňňur many bar.
Kebelek dünýä halklarynda, şol sanda türkmenlerde kalbyň açyklygynyň, täzeden
döreýşiň, söýginiň, gözelligiň, erkinligiň we asudalygyň nyşany hasaplanýar. Şoňa
görä, şekilde kebelegiň durmuşdaky kynçylyklary ýeňip geçmegiň, ösüşiň we
tebigy sazlaşygyň ugurlary öz beýanyny tapýar. Kebelekleriň ganatlary bolsa
erkinligi, durmuş ajaýyplygyny, nepisligi alamatlandyrýar.
Gahryman
Arkadagymyz bu şekiliň özboluşly usulda taýýarlanylyşyna ýokary baha berdi.
Munuň özi türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen bedewiň taýçanagynyň
dünýäniň depesine çykyp, halkara giňişlikde ajaýyplygyň nusgasy hökmünde ykrar
edilýändigini özboluşly usulda beýan edýär. Bu ýerde dünýäde ilkinji gezek
atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň göz öňünde tutulandygyny hem bellemek
gerek. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata
düşjeklerde aýratyn täsir galdyrar.
Ýörite
bölümde Hazar deňziniň şekili bolup, onda häzirki zamanyň täzeçil
tehnologiýalary arkaly bedewiň deňziň gyrasynda duran şekilini janlandyrmak
mümkinçiligi üpjün edilipdir. Kenar ýakasynda peýwagtyna gezelenç edýän bedew
bilen surata düşmek adamlarda ýakymly ýatlamalary döreder.
Bölümdäki
bahar paslynyň joş alýan pursatlarynda gül-gülzarlyga beslenen ýaşyl ýaýlalaryň
şekiliniň hem surata düşýänleriň gyzyklanmasyna mynasyp boljakdygy şübhesizdir.
Bahar paslynda türkmen kalbyna çalymdaş sähralar haly düşelen ýaly keşbe eýe
bolýar. Gülleriň içinde bedew bilen surata düşmek, hususan-da, ýaşlarda ýatdan
çykmajak duýgulary döreder. Garagum sährasynyň ýakymly görnüşleri ak alaňlaryň
üstünde gezelenç edýän bedewiň şekilini döretmäge mümkinçilik berýär. Bu
şekiller eýer-esbaba beslenen bedewleriň gözelligi bilen utgaşýar. Gyş paslynda
belent dag gerişlerine düşen garyň gözelligini synlamak hem ýakymly bolsa
gerek. Gar düşen dag eteklerinde bedew bilen surata düşmek her bir ynsan üçin
täsirlidir.
Gahryman
Arkadagymyz bu görnüşleri synlap, toplumyň bu künjeginde ýaşlaryň surata
düşmekleri, bagşy-sazandalaryň şekilli görnüşleri ýazgy etmekleri üçin zerur
mümkinçilikleriň üpjün edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu
görnüşler täze durmuşa gadam goýýan ýaş çatynjalar üçin bagtyýar durmuşa ajaýyp
badalga bolar.
Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän
bedewleriň ot-iým üpjünçiliginiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy nazara alnyp,
bu ýerde atlar üçin iýmitleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýer bölekleri
berildi. Onda atlaryň iýmit birliginde zerur hasaplanýan käşir, alma baglary
ýetişdirilýär.
Milli
Liderimiz käşir ýetişdirilýän meýdanyň ýanyna geldi. Bu ýerde Halkara ahalteke
atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow toplumyň çäginde atlar üçin
ot-iýmlik ekinleriň ösdürilip ýetişdirilýändigi, şu ýyl käşiriň hem-de almanyň
ýerli görnüşleriniň bol hasylynyň kemala getirilendigi barada maglumat berdi.
Hususan-da, sahawatly toprakda käşiriň ilkinji hasylynyň alnandygyny bellemek
gerek.
Milli
atşynaslyk tejribesiniň görkezişi ýaly, käşir bedewleriň esasy höreginiň biri
bolup durýar. Ol bedewiň sazlaşykly ösüşinde, bedeniniň berkliginde, boýunyň
kadaly ösmeginde we sagdynlygynda möhüm iýmit hökmünde ykrar edilen.
Aýratyn-da, dag etegindäki toprakda ösdürilip ýetişdirilen käşiriň ýokumlylyk
derejesi örän ýokarydyr.
Bu
ýerde atlar üçin niýetlenen alma baglary-da ösdürilip ýetişdirilýär. Milli
atşynaslyk ýörelgeleriniň, köpýyllyk tejribäniň görkezişi ýaly, alma hem
bedewler üçin örän ýokumly hasaplanýan, ekologik taýdan arassa iýmitleriň
biridir. Almanyň türkmen topragynda ýetişdirilýän ýerli sorty gadym
döwürlerde-de bedewler üçin ähmiýetli iýmit saýylypdyr.
Gahryman
Arkadagymyz käşiriň hem-de almanyň ýokumlylyk derejesiniň örän ýokarydygyny,
olaryň sagdynlygy, bogunlaryň berkligini üpjün etmekde we güýç toplamakda
ähmiýetli iýmit hasaplanýandygyny belläp, bedewler üçin niýetlenen ot-iýmlik
ekinleriň çägini giňeltmek ýaly şeýle tejribäniň Arkadag şäherinde hem
ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara
maslahatlaryny berdi. Şunda ýaşlaryň başlangyçlaryny öwrenmek, aýratyn-da, Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bilim alýan talyplaryň arasynda
bu ugur boýunça bar bolan tejribeleri özleşdirmek ugrunda zerur tagallalaryň
edilmegi ähmiýetli bolar.
Şol
pursatda açyk ýataga çykarylan bedewleriň joşguny has-da artdy. Ynsan gylykly
nurana bedewler giň ýatagyň içinde ikiýana çapdylar. Olaryň hyjuwynda,
joşgunynda ýurdumyzyň okgunly ösüşi, ynsan bilen bedewiň arabaglanyşygy öz
beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň akylly bedewi özüne bildirilýän hormaty
duýýan mysaly has-da joş aldy. Onuň giň athananyň içinde ýüzin salyp çapmagy
öňde goýlan maksada ýetmäge bolan hyjuwynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bedewiň bu
joşgunynda özleri üçin döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklere hoşallyk
alamatlary duýulýar.
Milli
buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerine aýratyn mähir bilen garaýan Gahryman
Arkadagymyz bu görnüşleriň bedew bilen ynsanyň ýakyn arabaglanyşygynyň, behişdi
bedewleriň wepadarlygynyň aýdyň nyşanydygyny belledi. Bu görnüşlerde
zähmetsöýer halkymyzyň bedew atlaryna buýsanjy we söýgüsi, bedewleriň bolsa
eýesine bolan wepaly gatnaşygy öz beýanyny tapdy. Munuň özi ýurdumyzda ahalteke
atlarynyň ösdürilip ýetişdirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň
nyşanydyr.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz meýilleşdirilen çäreleri we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen
ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.