milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
18 sagat öň 21 Habarlar

Habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu ýerde geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we onuň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygy boýunça taýýarlanan maksatnama barada hasabat berdi.
Hasabatynyň çäklerinde D.Orazow Arkadag şäheriniň 2 ýyllygy mynasybetli şäheriň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň geçirilendigini aýtdy we bu ýerde ozal hereket edýän 4G+ tehnologiýasynyň ornuna täze, döwrebap 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata bermegini Halk Maslahatynyň Başlygyndan haýyş etdi.
Bellenilişi ýaly, 5G tehnologiýasy aragatnaşygyň simsiz görnüşiniň bäşinji neslidir. Ol ýokary tizlik derejesine we ägirt uly geçirijilik ukybyna eýe. Onuň tizlik derejesi öňkä garanda 20 esse ýokarydyr.
Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň 2 ýyllygy mynasybetli şäheriň aragatnaşyk we internet ulgamynda ýokary tizlikli 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.