milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
21 sagat öň 24 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş saparynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, täze şäherde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, şunda şäheriň ähli desgalarynyň, olaryň çäklerinde oturdyljak sütünleriň we beýleki binalaryň bezeg aýratynlygyna, uzak möhletliligine we serişdeleriň bezeg babatda döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

     Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.