25.01.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Türkmen edermeni» – türkmen esgeri / Kamar Saparow
«Türkmen edermeni» – türkmen esgeri / Kamar Saparow
14.01.2020 417 Bäsleşik

Watan goragynyň sarsmaz sütüni,

«Türkmen edermeni» – türkmen esgeri.

Çeker gerdeninde il-ýurt ýüküni,

«Türkmen edermeni» – türkmen esgeri.

Ygrarlydyr wadasyna – kasamyna,

Gaýduwsyzdyr, ejizlemez asyl-ha,

Ädiminden ot sowrular basanda,

«Türkmen edermeni» – türkmen esgeri.

Şan-şöhratly pederleriň neslidir,

Ýurt goramak är ogullaň kesbidir,

Görogly deý durşy – dogum misli bir,

«Türkmen edermeni» – türkmen esgeri.

Algyrdyr ol, peýkam kibi atylar,

Zerur ýerde tiz wagtda tapylar,

Berdaşlydyr, nyşana dürs ok urar,

«Türkmen edermeni» – türkmen esgeri.

Paýhasyndan Belent Serkerdebaşyň,

Kemal boldy kämil binýatly goşun,

Mukaddes borjuň bar, dik bolsun başyň,

«Türkmen edermeni» – türkmen esgeri!

Kamar Saparow,

kapitan.