14-nji awgustda köp sanly daşary ýurtly myhmanlary
göwnaçyk kabul edýän türkmen deňiz kenarýakasynda birnäçe serginiň açylyşy
boldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň
derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde guralan sergiler ulag toplumynda we
logistikada gazanylan üstünlikleri, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň
giň gerimli görnüşlerini görkezýär.
Geçirilen çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar
we foruma gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde sergi
guraldy. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz
portunyň Ýolagçy-parom terminalynyň birinji gaty giň gerimli sergini guramak
üçin meýdança öwrüldi.
Şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň
hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata
gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary
we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler.