30-njy oktýabrda Halkara «Türkmen
alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy
mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy»
atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem-de döredijilik işgärleriniň
arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň
toplumynda guralan dabaralar türkmen alabaýynyň şanyna geçirilen baýramçylyk
dabaralarynyň esasyny düzdi. Bu ýerde türkmen toýuna mahsus bolan aýdym-sazlar
ýaňlandy, ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlary çykyş etdiler.
Baýramçylyk çärelerine Hökümet agzalary, Milli
Geňeşiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary,
Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň ilçileri, Halkara «Türkmen alabaý
itleri» assosiasiýasynyň agzalary, bu ugurda uly üstünlik gazanan itşynaslar,
hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça eminler toparynyň çözgüdi
yglan edildi. Şeýlelikde, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Içeri işler
ministrligine degişli Goňurhan atly alabaý mynasyp boldy. Ony ösdürip
ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Ý.Töräýew, alabaýyň idedijisi esger
G.Aşyrow. Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota
Camry» kysymly awtoulag, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.
Şeýle-de bu ýerde türkmen alabaýynyň keşbini
şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, çaphana önümlerinde,
fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça
döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.