milli goshun logo
Telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmäge bagyşlanan maslahat
Telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmäge bagyşlanan maslahat
07.12.2020 508 Habarlar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmäge bagyşlanan, wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň bilermenleri hem-de beýleki hünärmenler degişli dünýä tejribesiniň syny, şol sanda işewürlik üçin pandemiýanyň ykdysady täsirlerini azaltmak babatda işler bilen tanyşdyrdylar.

Şu günki maslahat ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň kadalaşdyryjy-hukuk şertlerini gowulandyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň döwlet edaralaryna ýardam etmäge gönükdirilen çäreleri öz içine aldy. Ol «Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmek» atly giň gerimli sebit taslamasynyň bir bölegidir.