Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň,
Gazagystanyň, Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy, awtobenzini
we parafin gaçy satyn aldylar. BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň
wekilleri bolsa, «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň
kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan
başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň
işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 56 million
447 müň dollaryndan gowrak boldy.
Birleşen
Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň we Owganystanyň telekeçileri jemi bahasy 16
million 42 müň manatlykdan gowrak el halylaryny, nah ýüplügi, buýan köküniň
goýy ekstraktyny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň
işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 13 million 989 müň manatlykdan gowrak
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky
polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.