Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň,
Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç
mazudyny, awtoulag benzinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we
yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda
öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Russiýanyň, BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri
«Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümlerinde öndürilen tehniki kükürdi satyn
aldylar.
Şeýle-de, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine daşary ýurt
puluna demriň ýüzüni posdan we ýagdan arassalamak üçin niýetlenen serişde hem-de
float list aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň104 million 248 müň dollaryndan gowrak
boldy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň işewürleri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gurluşyk nebit bitumuny, el halylaryny we
plastik poddonlary satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 26 million 707 müň manatlykdan gowrak boldy.