TDHÇMB-nyň
söwdalarynda geleşikleriň 137-si hasaba alyndy
Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 137-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki
ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, gidro usul bilen
arassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, mazudy, binýatlyk ýagy, Gonkongyň
işewürleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen wakuum
gazoýlyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň
wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen
suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan
başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň we Türkiýäniň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million dollaryndan gowrak boldy.
Türkiýäniň
telekeçileri bahasy 4 million manada golaý bolan nah ýüplügi satyn
aldylar.
Ýurdumyzyň
işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 117 million manada golaý bolan «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen
polipropileni, binýatlyk ýagy, nebit bitumyny, arassalanmadyk parafini, şeýle
hem el halylaryny satyn aldylar.