Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Seýdiniň nebiti
gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakum gazoýlyny hem-de
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar
kerosinini satyn aldylar.
Bulardan
başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de
nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 5 million 989 müň
dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 240 million 84 müň manatlyk
Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni, şeýle
hem el halylaryny satyn aldylar.