Geçen hepdede Türkmenistanyň
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň
telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy
satyn aldylar. Türkiýäniň, Polşanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de
Özbegistanyň täjirleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan
polietileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň
dollaryndan gowrak boldy.
Owganystanyň we Özbegistanyň
işewürler toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine el halylaryny satyn
aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 48 müň manatdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki
bazar üçin polietileni («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), pagta süýümini hem-de
el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 160 million 269 müň
manatlykdan gowrak boldy.