Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen
giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine seredildi. Ol
milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösýändiginiň hem-de ähli esasy
pudaklarynyň durnukly ösüş derejesini saklaýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde esasy
ugurlaryň birini eýeleýän gurluşyk ulgamyna uly orun degişlidir.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi
ýaly, şu ýylyň alty aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça
önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,5 göterim berjaý edildi. Ösüş bolsa 109,2
göterime barabar boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda,
gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň täze ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen
geologiýa gözleg işleri işjeň alnyp barylýar. Olar geljekde ýurdumyzda hem-de
daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän gurluşyk serişdelerini we beýleki
önümleri çykarýan täze önümçilik toplumlary üçin çig mal bolup hyzmat eder.
Mahlasy, maýa goýum-gurluşyk toplumy ileri
tutulýan maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmakda has ähmiýetli orny eýeleýär.
Şol maksatnamalar köp pudakly milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmegi, baý
tebigy serişdeleriniň doly ulanylmagyny, sebitleri toplumlaýyn özgertmegi ugur
edinýär.