7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň edara ediş
merkezinde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýerinde toý sadakasyny berdi. Täze
merkezde metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmeginiň hormatyna berlen toý
sadakasy hormatly Arkadagymyzyň döreden ajaýyp kitaplary üçin düşen galam haky
serişdeleriniň hasabyna berildi.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, toý
sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Asylly däbe görä, ýygnananlara milli
tagamlar hödür edildi. Nahardan soň, toý sadakasyna gatnaşyjylar döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň röwşen geljeginiň, halkymyzyň
agzybirliginiň we jebisliginiň bähbidine Gahryman Arkadagymyzyň başlan ähli
asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.