milli goshun logo
Täze kitabyň tanyşdyryş dabarasy
Täze kitabyň tanyşdyryş dabarasy
25.02.2022 2196 Habarlar | Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Onda çykyş edenler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly eseriniň halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň döwrebap derejede dabaralanmasynyň buýsançly beýanatydygyny nygtadylar. Çuňňur many-mazmunly täze kitapda milli Liderimiziň iri halkara çärelerde eden çykyşlary, daşary ýurtlaryň abraýly habar beriş serişdelerine beren interwýulary ýerleşdirilip, onda daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar baradaky pikirler jemlenendir.

Şeýle hem dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».