Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Russiýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň
we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa, «Türkmenhimiýa» döwlet
konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtobenzinini satyn aldylar.
Mundan
başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň
işewürleri nah ýüplügini, guradylan buýan köküni, float aýnasyny satyn aldylar.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 35 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkiýäniň,
Owganystanyň telekeçileri jemi bahasy 757 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we
el halylary satyn aldylar.
Ýurdumyzyň
işewürleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 210 müň 272 dollaryna barabar bolan
portlandsementi, şeýle hem jemi bahasy 3 million 165 müň manatlykdan gowrak
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol
bitumyny we el halylaryny satyn aldylar.