Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 55-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň,
Gonkongyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny
we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Bulardan
başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň
işewür toparlarynyň wekillerine jinsi matalary, nah ýüplügi, float aýnasy
ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 474 müň dollaryndan
gowrak boldy.
Beýik
Britaniýanyň, BAE-niň we Gazagystanyň telekeçileri jemi bahasy 21 million 525
müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 408 müň manatlykdan gowrak
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gurluşyk
nebit bitumyny, şeýle hem el haly işlerini satyn aldylar.