milli goshun logo
Syýahatçylygy ösdürmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat
Syýahatçylygy ösdürmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat
11.03.2022 604 Habarlar

10-njy martda paýtagtymyzda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Maslahat Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guraldy. Foruma döwlet düzümleriniň wekilleri, işewürler, iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu ugurda ýöriteleşen bilermenleri gatnaşdylar.

Sanly ulgam arkaly goşulyşan daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeni syýahatçylygynyň mümkinçilikleri boýunça öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Meşhur ahalteke bedewleri, wepaly alabaýlar, saz gurallarymyz we ajaýyp halylarymyz barada gürrüň edildi. Şeýle hem Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Aşgabadyň syýahatçylyk taýdan özüne çekijiligi bellenildi.

Şeýlelikde, maslahatyň dowamynda syýahatçylygy ösdürmek boýunça dürli çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň taryhy-medeni, ekologiýa, sagaldyş syýahatçylygynyň ägirt uly mümkinçilikleri açylyp görkezildi.