Şu
gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebitiň iri derýalarynyň — Amyderýanyň
we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi
Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Oňa ugurdaş
ministrlikleriň ýolbaşçylary, suw hojalyk pudagynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Sebitiň
derýalarynyň suw serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak meseleleri boýunça
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwletara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek hem-de
bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak duşuşygyň esasy maksady bolup durýar. Suw
serişdelerini netijeli ulanmak tutuş Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň, azyk we
ekologiýa howpsuzlygynyň esasy şertleriniň biridir. Howanyň ählumumy üýtgeýän,
buzluklaryň ereýän we sebitiň ilatynyň barha artýan şertlerinde goňşy ýurtlaryň
tagallalarynyň birleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Duşuşygyň
dowamynda ekoulgamlara zyýan ýetirmezden sebitiň ähli ýurtlarynyň oba hojalyk
pudaklaryny suw serişdeleri bilen üpjün etmek üçin, Amyderýanyň we Syrderýanyň
basseýnleri boýunça gazanylan ylalaşyklary berjaý etmegiň zerurdygy nygtaldy.
Türkmenistan tarapyndan halkara giňişlikde yzygiderli öňe sürülýän suw
diplomatiýasy ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy ýokary derejeli forumyň esasy
meselesi boldy. Ýurdumyz Merkezi Aziýada suw meselesiniň halkara hukugyň
kadalary, özara hormat goýmak we sebitiň her bir döwletiniň bähbitlerini nazara
almak arkaly çözülmelidiginden ugur alýar.
Bilermenler
suw hojalyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we suw tygşytlaýjy innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny giňden ulanmagyň, suw ýitgisini
azaltmak üçin suw akabalaryny betonlamagyň, şeýle hem serhetüsti akýan
derýalaryň suw akymlaryny hasaba almak işini sanlylaşdyrmagyň möhümdigi
bellenildi.
Araly
halas etmegiň halkara gaznasynyň hem-de döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk
Toparynyň alyp barýan işi ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm bölegi boldy.
Foruma gatnaşyjylar bu institutlaryň guramaçylyk düzümini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegiň we häzirki döwrüň ekologiýa meseleleri bilen baglylykda,
olaryň alyp barýan işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny
nygtadylar.
Topragyň
şorlaşmagynyň öňüni almaga we çölleşme bilen göreşmäge gönükdirilen bilelikdäki
ekologiýa taslamalaryna aýratyn üns berildi. Amyderýanyň we Syrderýanyň ýokarky
akymlarynda gidroenergetikanyň we aşaky akymlarynda suwarymly ekerançylygyň
bähbitlerini utgaşdyrýan toplumlaýyn çemeleşmäni ulanmagyň zerurdygy nygtaldy.
Duşuşyga
gatnaşyjylar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň
ähmiýetini nygtadylar. Bilelikdäki ylmy we tehnologik binýat howanyň üýtgemegi
bilen baglanyşykly ilata we oba hojalygyna ýetirilýän ýaramaz täsirleri
peseltmäge mümkinçilik berer.
Çärä
gatnaşyjylar forumyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, Awazada
döredilen şertleriň netijeli pikir alyşmaga ýardam berendigini nygtadylar.
Hazar deňziniň türkmen kenarynyň ekologiýa taýdan arassalygy we «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynyň döwrebap infrastrukturasy myhmanlarda uly täsir
galdyrdy.
Duşuşygyň
dowamynda kabul edilen çözgütler we ylalaşylan çemeleşmeler Amyderýanyň we
Syrderýanyň basseýnlerinde uzak möhletli suw we ekologiýa durnuklylygyny üpjün
etmegiň ýolunda möhüm ädim bolar. Duşuşygyň netijeleri bolsa Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.