Şu gün – 20-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Köpetdag sport toplumynyň Köpetdag stadionynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda yglan edilen sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşlara badalga bermek dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, işgärleri hem-de türgenleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň aýdym-saz toparlarynyň watançylyk namalary ýaňlandy. Soňra harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň hem-de türgenleriniň görkezme çykyşlaryna giň orun berildi. Türkmen alabaýyny idedýän harby gullukçylaryň wepalylygyň hem-de edermenligiň nyşanyna öwrülen alabaý itler bilen bilelikde görkezen çylşyrymly tilsimleri dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.