Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji
ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary
we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly
bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda we
daşary ýurt döwletlerinde çäreler geçirilýär. Meýilnama laýyklykda, ýurdumyzyň
ylym-bilim we medeniýet ulgamynyň wekilleri 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 4 – 9-y
aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda boldular.
Saparyň çäklerinde 5-nji we 7-nji dekabrda Türkmenistanyň ylym, bilim we medeniýet ulgamynyň wekilleriniň ýewropaly alymlary bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ýazuwly ýadygärligiň altyn hazynasyny düzýän seýrek eserleri – golýazmalary abat saklamak, öwrenmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Berlin şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty hem-de şahyryň nemes dilinde terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çykyşlarda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, şahyryň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllaryň dowamynda türkmen we nemes alymlarynyň bilelikde şahyryň eserleriniň terjimesi bilen bagly edilen işler we onuň ömri hem-de döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hakynda gürrüň edildi. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň türkmen we nemes dillerindäki şygyrlary okaldy. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde milli şygryýetimiziň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy hakyndaky kitaplaryň, kitapçalaryň we beýleki maglumatlaryň sergisi guraldy.
Bir jümle bilen aýdanyňda, söz ussadynyň hormatyna amala aşyrylan iş sapary Magtymguly Pyragynyň at-abraýyny dünýä ýaýmakda ähmiýetli waka boldy.