Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul
etdi.
Myhman
duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Eýranda goňşy
Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini
belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň
hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny
ýetirdi.
Döwlet
Baştutanymyz diplomaty mähirli mübärekläp, goňşy ýurduň Prezidentine iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi hem-de Seýed Abbas Arakçiniň şu saparynyň iki ýurduň
arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we
pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşy
ýurtlar bilen dostluga, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan
gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişe
ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen we eýran halklarynyň
gatnaşyklary asyrlara uzap gidýän taryhy we medeni köklerden gözbaş alýar.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda
ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege
hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda ösdürilýär.
Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň gatnaşandygyny belläp,
bu saparyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň netijeli häsiýetini belledi.
Öz
nobatynda, Seýed Abbas Arakçi Awazada geçirilen giň möçberli çäreleriň möhüm
ähmiýetini belläp, olaryň netijeleriniň sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de
ösdürmäge goşant goşandygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady
hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, häzirki wagtda bu gatnaşyklaryň
netijeli ösdürilýändigini belledi.
Medeni-ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biri bolup durýar. Halklarymyzy taryhy, medeni we ruhy ýakynlyga esaslanýan
gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýurdumyz hyzmatdaşlygyň bu möhüm ugruna aýratyn üns
berýär.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam
Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi iki doganlyk döwletiň
arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň özara
gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam
bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.