04.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Şöhrat size, şan size, Watanyň gerçekleri! / Aman Döwletow
Şöhrat size, şan size, Watanyň gerçekleri! / Aman Döwletow
22.01.2020 402 Bäsleşik

Söýüp her bir ädimin, bu mukaddes topragyň,

Batly urup gadamyn, nusgasy siz mertligiň,

Ýaşyl ýaz deý Baýdagym, öpüp tagzym etdigim,

Siziň bilen ýurdumyň aýdyň her geljek güni,

Şöhrat size, şan size, Watanyň gerçekleri!

Eziz Watan goragy, halkyň mukaddesligi,

Arzuwyna ýetirdiň, gadym Oguz neslini,

Pederlerden ruhlanyp, dowam edip kesbini,

Beýik Serkerdebaşym joşurýar ýürekleri,

Şöhrat size, şan size, Watanyň gerçekleri!

Geçmişim bar bäş müň ýyl asyrlary sepleýän,

Ýeňişleri aýtmaga günler-aýlar ýetmeýär,

Bu gün ýurdum berkarar, barha öňe ätleýär,

Niçeme mert ärleriň arzuwlap geçenleri,

Şöhrat size, şan size, Watanyň gerçekleri!

Misli Gorkut ata deý pähimli, parasatly,

Görogly deý gaýduwsyz, Meňburun deý gaýratly.

Gökde algyr laçyn deý, ýerde ýyndam Gyratly,

Siziň bilen goragly, gül Diýaryň çäkleri,

Şöhrat size, şan size, Watanyň gerçekleri!

Bereketli topragym, nebit-gazdan, baýlykdan,

Çöl-beýewan, dag-düzüm doldy lälezarlykdan,

Bulaň bary nyşandyr, asly nurdan-barlykdan,

Siziň bilen abadan, bu topragyň gülleri,

Şöhrat size, şan size, Watanyň gerçekleri!

Aman Döwletow,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.