Gojaman taryhyň sahypalaryna ser salanyňda adamzadyň mertligi, gaýduwsyzlygy, çydamlylygy talap edýän gyzykly wakalara, täze açyşlara bolan ymtylyşynyň çäksiz bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Adamyň islegi, arzuwy, döredijiligi mydama hereketde. Munuň özi bolsa, jemgyýeti ösdürýän we özgerdýän, täze sepgitlere atarýan esasy güýçdür.
Ine, adamlaryň kynçylyklara döz gelmek, täsin pursatlaryň şaýady bolmak hö- weslerini kanagatlandyrýan sport görnüşleriniň biri-de awtomobil sportudyr. Dünýäde ýörgünli awtomobil sportunyň awtoralli görnüşiniň türkmen sährasyna aralaşmagy-da halkymyz, ylaýta-da ýaşlarymyz tarapyndan buýsanç duýgusy bilen garşylandy. Bu, ilkinji nobatda hormatly prezidentimiziň ýurdumyzy sport döwletine öwürmek we Türkmenistanyň halkara sport abraýyny belende götermek, dünýä halklarynyň dostlugynyň umumy, düşnükli dili bolan sport arkaly asudalygy, parahatçylygy berkitmek babatdaky aladalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hut gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen 2009-njy ýylda «Beýik Ýüpek ýoly — 2009» ady bilen Kazan — Aşgabat ugry boýunça «Dakar» derejesindäki halkara awtoralli ýaryşy geçirilipdi. Türgenler umumy uzynlygy 4628 kilometre deň bolan menzili 8 tapgyrda geçip, olaryň ugry Russiýa federasiýasynyň, Gazagystan döwletiniň we ýurdumyzyň çäkleri boýunça dowam edip, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde tamamlanypdy. Şeýle ýokary derejeli ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýandyklaryna garamazdan, türkmenistanly türgenler ol ýaryşy üstünlikli jemlediler. Bu günki gün eýýäm halypalyga ýetişen sürüji Gurbangeldi Daňatarowdan we şturman Rafael Gaýnulinden ybarat türkmen ekipažy 1-nji baýrakly orny eýeleseler, sürüji Şöhrat Gurbanow we şturman Aziz Musaýew dagy menzili 2-nji bolup geçmegi başarypdylar.
Şeýlelikde, 2009-njy ýyl awtoralli ýaryşynyň türkmen sährasyna aralaşan ilkinji ýy- ly hökmünde taryh sahypalaryna girdi. Şol ýyl hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy döredildi. Munuň özi, awtoralli sport görnüşiniň täze öwüşginler bilen türkmen topragyndaky ösüşiniň başlangyjyny goýdy.
ÜSTÜNLIK ÜSTÜNLIGE BADALGA
Kazan — Aşgabat ugry boýunça «Dakar» derejesinde bolan ralli-reýd ýaryşyndaky üstünlik türkmenistanly türgenleri täze belentliklere ruhlandyrdy. 2011-nji ýylda Moskwa — Soçi ugry boýunça 6 tapgyrda geçen ýaryş hem, türkmenistanly türgenler üçin üstünlikli tamamlandy. Sürüji Şamyrat Gurbanowdan we şturman Aziz Musaýewden ybarat türkmen ekipažy 3940 kilometr menzili 2-nji bolup geçmegi başardy.
2012-nji ýylda Moskwa — Gelenjik ugry boýunça geçirilen ýaryşda oňa gatnaşyjylar 3857 kilometr menzili 6 tapgyrda geçdiler. Bu ýaryşda ildeşlerimiz hem çykyşlaryny üstünlige beslediler. Ýagny, sürüji Gurbanberdi Daňatarow we şturm Rafael Gaýnulin 1-nji, sürüji Şamyrat Gurbanow we şturman Serdar Mollamyradow dagy bolsa 2-nji orny eýeläp, ýaryşyň ýeňijisi boldular.
2013-nji ýylda Moskwa – Astrahan ugry boýunça 7 tapgyrda dowam eden ýaryşda hem türkmenistanly türgenler 2012-nji ýyldaky üstünliklerini gaýtaladylar. Şol ýyl olar BAE-niň Abu-Dabi şäheriniň eteginde Dünýä kubogy ugrundaky geçen ýaryşyň 2-nji tapgyryna gatnaşyp, ýaryşyň 3-nji tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazandylar.
Türkmenistanly türgenler üçin mertlik, çydamlylyk synagy 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda hem garaşýardy. Ýagny, olar Argentina — Boliwiýa — Çili ugry boýunça «Dakar» ralli-reýd ýaryşynyň garaşylmadyk gyzykly hem kynçylykly pursatlara baý bolan çöllük, daglyk ýerlerinde 9250 kilometr menzili geçmeli boldular. Ýeňil bolmadyk şertlerde kynçylyklara döz gelen türkmen ekipažy bu menzili-de şowlulyk bilen geçdi. Umuman, ýaryşa «Dakar» derejesiniň berilmegi, ýaryşyň birnäçe tapgyrlaýyn köp günlük uzak menzilde geçirilýändigini aňladýar. («Dakar» ady gadymy Dakar şäheriniň ady bilen baglanyşyklydyr. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, Dakar şäheriniň ýaşaýjylary awtoulag ýaryşy bilen meşgullanypdyrlar. Bu ýaryşlar ýylsaýyn öz gerimini giňeldip, uzak aralyga köp günlük ýaryşlar hem onuň hataryna girizilipdir. Ýyllar geçip, bu ýaryşlara höwesekleriň hatary köpelipdir. Dörän ýeri bolan Dakar şäheriniň hormatyna köp günlük, uzak menzilde geçirilýän bu ýaryşlar «Dakar derejesindäki ýaryşlar» diýlip atlandyrylypdyr).
Şeýle-de awtoralli ýaryşlarynyň nusgawy, ralli-reýd we aýlaw görnüşleri bar. 2016-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Wyborg şäherinde awtoralliniň nusgawy görnüşi boýunça geçirilen ýaryşa Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň baş tälimçisi Şamyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky topar hem gatnaşdy. Nusgawy görnüşdäki bu ýaryş 3 günden köp dowam etmeýär we oňa kiçi görnüşli awtoulaglar gatnaşýar.
2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasy-nyň Kareliýa Respublikasynda geçirilen Dünýä kubogy ýaryşynyň gyşky tapgyry-da ildeşlerimiz üçin uly synag boldy. Ka- reliýa jeňňellikleriniň öňden hem geçmesi kyn ýerleri gyş paslynyň fewral aýynda has-da kynlaşýar, hatda köp adamlar üçin mümkin däl hem bolup bilýär. Şeýle-de bolsa, sürüji Şamyrat Gurbanowdan we şturman Gurbanberdi Daňatarowdan ybarat türkmen ekipažy ol menzili doly geçip, 3-nji baýrakly orny eýelemegi başardy.
Şeýlelikde, Dünýä kubogy ugrundaky awtoralli ýaryşynyň ýylda bir gezek geçirilýän bu gyşky tapgyrynyň hem «mümkin däl» ýaly bolup görünen kynçylyklaryndan üstün çykan şir ýürekli türkmen ýigitleri baýrakly orun bilen öz ildeşlerini begendirdiler.
Muhammet ATAÝEW, «Esger».