17-nji martda paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty öz işine başlady. Olar ýurdumyzyň telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän bu iri düzümiň döredilen gününe bagyşlanýar.
Telekeçiligiň gazananlarynyň sergisiniň ýurdumyzda şanly seneleriň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda geçirilýändigi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Serginiň baş maksady kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekdäki üstünlikleri hem-de mümkinçilikleri, düýpli özgertmeleri, onuň innowasion binýadyny, esasy zat bolsa, döwletiň we hususy bölegiň hyzmatdaşlygynyň netijeliligini açyp görkezmekden ybaratdyr.
Serginiň çäklerinde TSTB-niň dürli ugurlar boýunça «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşiginiň jemleri jemleniler.