17-nji oktýabrda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň ilçisi Takahiko Kasumatanyň duşuşygy geçirildi, onuň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.
Taraplar dostluk, ynanyşma we özara hormata esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Soňky ýyllarda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykanlygy we täze many-mazmuna eýe bolandygy bellenildi. Şu jähtden ýokary derejedäki we köpugurly hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn binýadynda kemala gelen türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň wajyplygy nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.