Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga has mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiýalar, raýat toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary bolan wekilleriniň üsti bilen Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri hödürläp bilýärler.
Bu gezekki saýlaw möwsüminde dünýä tejribesinde giňden ýaýran demokratik ýörelgeler ulanylyp, olar parlamente halal, zähmetsöýer, ýokary guramaçylyk ukyby, durmuş işjeňligi we raýat garaýyşy bolan, öz güýjüni, tejribesini hem-de bilimini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Watanymyzyň kuwwatynyň mundan beýläk-de berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge höwesi bolan mynasyp adamlaryň saýlanmagyny üpjün eder.