Ildeşimiz Kerim Myradow – 1918-nji ýylda
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda doglupdyr. 1968-nji ýylda
maşgalasy bilen hormatly Prezidentimiziň atalarynyň obasy bolan Yzganda göçüp
gelipdir, şol obada agronom bolup işläpdir. 1991-nji ýylda Aşgabada göçüp
gelip, şol ýylda hem dünýeden ötüpdir.
Türkmenistanyň
Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Permany bilen Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýylyň
27-nji ýanwary Watan goragçylarynyň güni diýlip yglan edildi. Bu Perman
«Watanymyzyň goragynyň iň belent hem mertebeli borçdugy biziň üçin ebedi
hakykatdyr» diýip nygtaýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen
Watan goragçylarynyň sarpasynyň belent tutulýandygynyň anyk subutnamasydyr.
Uzak asyrlaryň
dowamynda türkmen gerçekleri Watan goragyndaky söweşlerde edermenligiň belent
nusgasyny görkezipdirler. Hormatly Prezidentimiz «Mertler Watany beýgeldýär»
atly eserinde edermenlik görkezen harby serkerdelerimiz, taryhy şahslarymyz
baradaky maglumatlary aýratyn nygtap-nygtap beýan edipdir. Bu eserdäki:
«1941-1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda görkezen edermenligi üçin
türkmenistanly esgerleriň onlarçasy «Gahryman» diýen belent ada mynasyp
boldular. Ozalky Soýuza giren respublikalaryň arasynda ilatyň sanyna görä,
gahrymanlaryň sany hasaba alnanda, Türkmenistanyň öňdäki orny eýeländigini
bellemek hem ýakymlydyr» diýlen setirleri okan türkmenistanly her bir okyjynyň
kalby çäksiz buýsanja gaplanýar.
Şu makalamyzda
biz hormatly Prezidentimiziň ýokarky aýdan sözlerinden ruhlanmak bilen,
merdanalygy, gaýduwsyzlygy bilen adyny dünýä taryhyna ýazan serkerde
ildeşimiziň 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda edermenlik görkezip, ýokary derejeli
sylaga mynasyp görlüşi dogrusynda söz açmakçy...
Ol ildeşimiz
Kerim Myradow – 1918-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap
obasynda doglupdyr. 1968-nji ýylda maşgalasy bilen Yzganda göçüp gelipdir, şol
obada agronom bolup hem işläpdir. 1991-nji ýylda Aşgabatda ýaşap, ol ýerde
dünýeden ötüpdir.
Kerim Myradow
edenli, gujurly, özdiýenli, tutanýerli, mert adam bolupdyr. Ol goşun gullugyna
gideninde, Kawkaza düşüpdir. Harby gulluk borjuny berjaý edip ýören wagty 1941
– 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen şol ýerde
serkerde bolup harby gullugyny dowam edýär. Onuň söweş ýoly Kawkazdan
başlanypdyr, Berlinde bolsa tamamlanypdyr. Ol Kawkazdaky we beýleki ýerlerdäki
edermenlik bilen gatnaşan söweşlerinde kebzesinden, soňra aýagyndan
ýaralanypdyr.
Söweşlerde
adatdan daşary edermenlik görkezen harby gullukçylara berilýän bu orden
kapitan Kerim Myradowa hut ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan hormat bilen
gowşurylypdyr. Bu sylagyň özeni altyn çaýylan we syrçaly emal çalnan bürünçden
edilendir. Bu ordeniň gymmaty gymmat bahaly metaldan edilenliginde däl-de,
ussat harby ýolbaşçylygy we hakyky söweşjeň edermenligi görkezenligindedir.
Dünýä harbylarynda derejesi diýseň
belent hasaplanýan ordenler bar. Şolaryň biri ABŞ-nyň harbylarynyň
«Hormatly Legion» (ýa-da «Sarpaly Legion» – «Legion of Merit») ordenidir. Bu
sylagyň taslamasyny ABŞ-nyň Kongressi 1942-nji ýylyň 20-nji iýulynda
tassyklapdyr. Bu täze sylag döredileninde onuň bilen ABŞ-nyň we Filippin
arkalaşygynyň harby gullukçylaryny, şonuň ýaly-da 1941 – 1945-nji ýyllaryň
Beýik Watançylyk urşunda ýaran bolan ýurtlaryň harby gullukçylaryny sylaglamak
göz öňünde tutulypdyr. 1942-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Prezident Franklin
Ruzwelt, onuň hut ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan gowşurylmalydygy baradaky sylag
düzgünnamasyny tassyklapdyr. 1943-nji ýylda bolsa ABŞ-nyň harby gullukçylaryny
sylaglamak ygtyýarlygy Goranmak ministrligine-de berlipdir.
Amerikanyň
harbylary tarapyndan bu sylaga mynasyp görlen, harby ussatlygy we söweşjeňlik
ukyby halkara derejede ykrar edilen görnükli harby gullukçylaryň hatarynda
Ýeňiş baýramçylygynyň paradynda meşhur ahalteke bedewi bilen geçen marşal
G.K.Žukowyň, marşal R.Ý.Malinowskiniň, marşal K.K.Rokossowskiniň, marşal
A.M.Wasilewskiniň (SSSR), patyşa Mihaeliň (Rumyniýa), general Şarl de Goluň
(Fransiýa), feldmarşal Bernard Montgomeriniň (Beýik Britaniýa) bardygyny göz
öňünde tutsaň, ildeşimiz Kerim Taganowiç Myradowyň heniz kiçi serkerdeligiň
harby adynda – kapitan wagtynda şeýle belent sylaga mynasyp görülmegi diýseň
buýsandyryjydyr. Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň halkara derejede ykrar
edilmegi, halkymyzyň merdanalyk häsiýetiniň has gadymdan gaýdýandygyna şaýatlyk
edýär.
«Ata Watany goramak mukaddes
borçdur. Ilini-ýurduny gorajak goç ýigitleri – mertleri terbiýeläp
ýetişdirmek parz işdir», «...gahrymançylyk, mertlik türkmen halkynyň edermen
ata-babalarymyzdan gözbaş alýan iň asylly, iň ajaýyp häsiýetleriniň biridir»
diýip nygtaýan hormatly Belent Serkerdebaşymyz çykyşlarynda halkymyzyň halkara
derejede ykrar edilen merdana gerçeklerine buýsanmaga haklydygymyzy adalatly
belleýär. Olaryň merdanalygynyň dowam bolmagy üçin ähli şertleri we
mümkinçilikleri döredýär.
Kerim Myradowa berlen «Sarpaly legion» ordeniniň sylag şahadatnamasynyň
ýazgylarynda şeýle setirler bar:
102d Motoatyjy Diwiziýanyň
Dolandyryş Merkezi Hormatly Legionyň Şahadatnamasy
Kapitan Kerim Taganowiç Myradow,
SSSR-iň goşunynyň Suworowyň nyşanyny göterýän Ýelnensk-Warşawadaky 76-njy Gyzyl
Baýdakly Motoatyjy diwiziýasy, 1944-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-inden 1945-nji
ýylyň maý aýynyň 8-ine çenli aralykdaky eden aýratyn hyzmatlaryndaky görkezen magtalmaga
mynasyp hereketleri üçin.
Oder derýasynyň günbatarynda edilen
hüjümde kapitan Myradowyň batalýony Writzen töweregindäki goranyşda
duşmanlara gönükdirilen hüjümiň başyny çekdi. Olaryň saplaryny üstünlik
bilen böwsüp geçdi, ol şeýle ussatlyk bilen ýigitlerini öňe sürüp, duşmany hem
adam sany, hem-de maddy taýdan agyr ýitgilere sezewar etdi. Yzysüre, Berliniň
gabawynda ol duşmanlaryň täzeden toparlanmagynyň öňüni aldy we olary kiçi
toparlar bilen ýeňip, harby tejribäniň ussatlygyny görkezdi. Oňa tabşyrylan
ähli tabşyryklaryň kemsiz ýerine ýetirilmeginiň netijesinde duşman görnetin
ýeňlişe sezewar boldy.
Kakajan
BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň
Arheologiýa we etnografiýa institutynyň uly ylmy işgäri.