21-nji
dekabrda paýtagtymyzyň «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähindäki Türkmenistanyň
ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy.
2019-njy ýylyň
6-njy oktýabrynda Ýatlama güni mynasybetli döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilkinji
Prezidentiniň hatyrasyny tutdy. S.A.Nyýazowyň heýkeline gül çemeni goýuldy we
aýat-doga okaldy.
Watanymyzyň
özygtyýarlylygyny goramak, dünýä giňişliginde Türkmenistany ykrar etdirmek
boýunça Saparmyrat Nyýazowyň uly işleri bitirendigini bellemek bilen milli
Liderimiz şol işleriň unudylmaly däldigini aýtdy.
Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ýadygärligine goýlan gül çemenleri we desseleri türkmen milletiniň görnükli ogullarynyň birine çuňňur hormatyň beýanyna öwrüldi.